Soňky habarlar

Arhiw

Budapeştde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri görkezildi

10:1201.05.2024
0
7834

25-26-njy aprelde Wengriýanyň paýtagty Budapeştde Türki Döwletleriň Guramasynyň Ulag boýunça utgaşdyryjy komitetiniň 2-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Gündogar-Günbatar Hazarüsti halkara geçelgesi boýunça ulag-üstaşyr amallaryny ýeňilleşdirmek, ýük daşamalary amallaryny sanlylaşdyrmak, multimodal arabaglanyşygy oňaýlaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada HHM ýazýar diýip, centralasia.news habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Batyr Annaýew gatnaşdy. Ol öz çykyşynda Ýewraziýa üstaşyr ýük daşamalary ulgamyny döretmekde ýurduň çäk taýdan artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmelere ünsi çekdi.

Bu port ýylda 17 mln tonna ýük geçirijilik mümkinçiligine eýe bolup, sebitde zerur bolan harytlaryň ähli görnüşlerini işlemäge ukyplydyr. Ýük daşamalary Türkmenbaşy – Hazarýaka döwletleriň portlary ugry boýunça yzygiderli amala aşyrylýar.

Şeýle hem duşuşykda 2018-nji ýylda döredilen «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» (TULM) açyk görnüli paýdarlar jemgyýetriniň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Merkez Hytaýyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň we beýleki döwletleriň hususy kärhanalary hem-de hojlayk jemgyýetleri bilen hyzmatdaşlyk edip, Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we amatly logistika çözgütlerini işläp taýýarlamak ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň