Soňky habarlar

Arhiw

«Borussiýa» ÝÇL-iň ýarym finalynyň deslapky oýnunda «PSŽ» toparyny ýeňdi

11:3902.05.2024
0
12033

«Borussiýa» (Dortmund) Ýewropanyň çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynyň deslapky oýnunda «PSŽ» klubuny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýer eýeleriniň ýeke-täk goly 36-njy minutda Niklas Fýullkrugyň adyna ýazyldy. Jogap oýny 7-nji maýda Fransiýada geçiriler.

Ýarym finalyň beýleki jübütinde «Real» we «Bawariýa» güýç synanyşýarlar. Olaryň arasyndaky Mýunhende geçirilen deslapky oýun 2:2 hasabyndaky deňlikde tamamlandy.

Ýeri gelende bellesek, «Borussiýa» we «PSŽ» klublary şu ýylky ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda hem duşuşypdylar. Toparçalaýyn tapgyrda Parižde geçirilen oýunda 2:0 hasabynda ýer eýeleri ýeňiş gazanan bolsa, Dortmunda bolan duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlikde tamamlandy.

ÝÇL-iň şu möwsümdäki finaly 1-nji iýunda Londondaky «Uembli» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň