«Baýer» Ýewropanyň top-5 çempionatynda ýeňlişsiz ýöriş boýunça asyryň rekordyny täzeledi

10:1619.04.2024
0
14809

Germaniýanyň «Baýer» kluby Ýewropa ligasynyň çärýek final tapgyrynyň jogap oýnunda myhmançylykda iňlis topary «West Hem» bilen 1:1 hasabynda deň oýnady. Toparlaryň arasyndaky birinji oýun Germaniýada geçirilip, onda 2:0 hasabynda nemes topary ýeňiş gazanypdy. Şeýlelikde, iki oýnuň jemine görä, «Baýer» indiki tapgyra ýollanma aldy.

«Baýer» Ýewropa ligasynyň ýarym finalynda çärýek finalda «Milany» ýaryşdan çykaran (1:0, 2:1) «Roma» bilen güýç synanyşar.

Ýeri gelende bellesek, «Baýer» ähli ýaryşlardaky ýeňlişsiz ýörişini 44 oýna ýetirdi. Topar şu möwsümde geçiren 44 oýnunyň 38-sinde ýeňiş gazandy we 6 gezek deň oýnady.

Şeýlelikde, «Baýer» Ýewropanyň top-5 çempionatynda iň uzyn ýeňlişsiz ýöriş boýunça XXI asyryň rekordyny täzeledi. Mundan ozalky rekord «Ýuwentusa» (43 oýun, 2011/12-nji ýylky möwsüm) degişlidi.

Mundan başga-da, «Baýer» şu möwsümde özüniň 120 ýyllyk taryhynyň dowamynda ilkinji gezek Germaniýanyň çempiony boldy. Şeýle-de topar Germaniýanyň Kubogynyň finalynda hem meýdança çykar. Eger-de, Habi Alonsonyň şägirtleri möwsümiň öňdäki oýunlaryny hem üstünlikli geçirip bilseler birbada üç baýraga (Germaniýanyň çempionlygy, Kubogy we Ýewropa ligasynyň kubogy) eýe çykyp, «trebl» edip bilerler.

Ýewropa ligasynyň häzirki çempiony Ispaniýanyň «Sewilýa» topary hasaplanýar. Ýaryşyň şu ýylky finaly 22-nji maýda Dublinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň