Soňky habarlar

Arhiw

9-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

10:4209.04.2024
0
12294

Türkmenistanda 10-njy aprel dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramy 10-njy aprelde belleniler, şunuň bilen baglylykda, ýurtda bu gün dynç güni diýlip yglan edildi. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminamada bu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi bellenilýär.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Häzirki wagtda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, gowaça ekişi dowam edýär, bugdaý ekilen meýdanlara ideg edilýär, şeýle hem ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

3. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliň dowamynda ony şanly ýubileýi we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlady. Söhbetdeşler dürli ugurlar boýunça döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda energetika, söwda, ulag, oba hojalygy ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä eýe bolýandygy nygtaldy. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky işjeň hyzmatdaşlyk hem-de parlamentara gatnaşyklar barada hem durlup geçildi.

4. Türkmenistanda «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Kanun resmi taýdan çap edildi we güýje girdi. Täze kanun ýurtda gidrometeorologiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Ol gidrometeorologiýa maglumatlaryny, şol sanda howa maglumatyny, suw serişdeleri baradaky maglumatlary we agrometeorologik şertler baradaky maglumatlary toplamagyň, ýaýratmagyň, saklamagyň hem-de ulanmagyň düzgünlerini kadalaşdyrýar.

5. Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy resminamalary tabşyrmak we Respublika girmek üçin wiza alnanda şahsy söhbetdeşlik geçirmek üçin deslapky hasaba alyş ulgamyna geçendigini habar berdi. Bu täze düzgün 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinden güýje girýär.

6. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy we Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly tarapyndan Moskwada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen dabaraly konsert guraldy. Konsert ýokary derejede geçdi hem-de Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda medeni gatnaşyklar ulgamynda hyzmatdaşlygyň barha ilerleýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Dünýäde

7. Hindistandaky Mausinram şäherine onuň gözelligini synlamak we güýçli ýagyşlary görmek üçin her ýyl on müňlerçe syýahatçy gelýär. Ýöne ýerli ýaşaýjylar üçin bu ýerdäki durmuş tükeniksiz ýagyşlar sebäpli agyrdyr. Bu hindi şäherinde ýagşyň ýyllyk mukdary 11873 mm-e ýetýär, bu Sankt-Peterburgdan 18 esse köpdür. Bu ýerdäki ýagyşlar diňmeýär: güýçli ýagyş bir hepde ýa-da ondanam köp dowam edip bilýär. 2023-nji ýylyň iýun aýynda Mausinramada bir günde 1003 mm ýagyş ýagdy – bu Londonda ýagýan ýagşyň ortaça ýyllyk mukdaryndan hem köpdür. Bu şäher Ýerdäki iň ýagyşly ýer diýlip atlandyryldy. Şeýle güýçli ýagyşlaryň sebäbi şäheriň deňiz derejesinden 1400 metr belentlikde ýerleşmegi, şeýle hem Bengal aýlagyndan ýyly we çygly howanyň täsiri bilen baglanyşyklydyr.

Sport habarlary

8. Türkmen agyr atletikaçysy Dawranbek Hasanbaýew Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ol Phuketde geçirilen agyr atletika boýunça Dünýä kubogynda 102 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazanmak bilen bu üstünlige eýe boldy. Iki tapgyryň netijeleri boýunça türkmen türgeni 392 kg bilen bäşinji netijäni görkezdi. Silterläp götermek maşkynda ol 187 kg agramly ştangany göterdi, itekläp götermekde bolsa 205 kg netije görkezdi. – Bu diňe bir meniň üçin däl, tutuş topar üçin ajaýyp duýgy – diýip, Hasanbaýew bu üstünligi barada teswir berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň