Soňky habarlar

Arhiw

26-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary

12:0426.04.2024
0
9488

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, Parižde Türkmenistanyň ýangyç-energiýa toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça forum tamamlandy, 25-nji maýda boljak çäreleriň maksatnamasy mälim edildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi. Duşuşykda Mejlisde işlenip düzülen kanunlaryň taslamalary, dürli ugurlarda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýazky oba hojalyk işleriniň barşy we ýetip gelýän baýramçylyk çärelerine taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

2. Pariždäki Türkmenistanyň energiýa pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew ýurduň mineral-çig mal binýadyna syn berdi we peýdaly mineral baýlyklary gözlemek we gaýtadan işlemek işlerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

3. «Türkmennebit» döwlet konserni nebiti gaýtadan işlemek we nebithimiýa pudagyndaky daşary ýurt maýadarlary hem-de kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga açykdyr. Bu barada döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow aýtdy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary etilirlenmedik awtomobil benzinini, awiasiýa we tehniki kerosinini, reaktiw we dizel ýangyjyny, mazudy, çalgy ýaglaryny, polipropileni, ýyladyş ýagyny, ýeňil gaz ýagyny, nebit elektrod koksyny, suwuklandyrylan gazy, gurluşyk we ýol bitumyny we ş.m. öndürýär. Bu önümler ýurduň eksport kuwwatynyň esasyny düzýär.

4. ÝUNESKO-nyň Pariždäki şatb-kwartirasynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Fransuz tomaşaçylar üçin Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň kamera topary, Türkmenistanyň halk artistleri Suhanberdi Orazberdiýew, Atageldi Garýagdyýew, Züleýha Kakaýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Kerwen Ýowbasarow, Döwran Şammyýew, Dünýägözel Begaliýewa. Ýusup Geldiýew, Gurbanmyrat Baýjykow we «Miras» folklor topary çykyş etdi. Agşamyň konsert maksatnamasynda türkmen nusgawy aýdym-saz eserleri, halk aýdymlary we tanslary, şeýle hem türkmen estrada aýdymlary ýerine ýetirildi.

5. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary Aşgabadyň üç okrugynda möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň ýerine Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynyň başlandygyny habar berdi. Saýlawlar Mejlisiň Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda meýilleşdirilýär.

6. 25-nji maýda Türkmenistanda okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Soňky jaň» dabarasy hem-de Aşgabat şäheriniň güni bellenilýär. 5-nji maýda säher bilen Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäreleri geçiriler. Şeýle hem ähli welaýatlaryň Baş baýdaklaryna gül goýmak dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar. Soňra ýurduň ähli orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen «Soňky jaň» dabaralary geçiriler. Göreldeli uçurymlara hem-de kärine ussat bilim işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşurylar. Şol gün ýurduň bagtyýar uçurymlarynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine, muzeýlerine, seýilgählerine gezelençleriniň guralmagy meýilleşdirilýär. 25-nji maýda agşam medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurduň ähli künjeklerinde hem baýramçylyk çäreleri guralar.

Dünýäde

7. Pariž şäherindäki meşhur «Mulen Ruž» kabaresiniň bezeg degirmeniniň bir bölegi ýanýoda gaçdy. Bolsa-da, hiç kim ýaralanmady we mundan beýläk ýykylmak howpy ýok. Degirmeniň ganatlarynyň gaçmagy kabareniň fasadyna täsir edip, ýazgynyň ilkinji üç harpyny gaçyrypdyr. «Mulen Ruž» 1889-njy ýylda esaslandyrylan meşhur kabare. Ol Parižiň nyşanlarynyň birine öwrülip, oňa her ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden müňlerçe myhman gelýär.

8. Aýyň ýüzünde «VK Wideo. Ýyldyzlar görünýäninden has ýakyn» diýen ýazgy peýda boldy. Kuwwatly lazer ýa-da prožektor ulanylyp döredilen bu proýeksiýa Ýeriň tebigy hemrasynda ýaýlyma berlen dünýäde ilkinji mahabat boldy. Russiýanyň iri brendi bolan «VK» ozal raketalarynda mahabat ýerleşdirmegi teklip eden «Roskosmosdan» hem öňe geçdi. Aýy ullakan bildiriş tagtasy hökmünde ulanmak marketing dünýäsinde täze eýýamy açýan görlüp-eşidilmedik ädimdir. «VK Wideo» mahabaty Aýda «VK Video» platformasyndaky gülki aýyna we «Ýyldyzlar» atly täze gepleşigiň ilkinji sanyna gabatlanyp peýda boldy. Täze gepleşikde meşhur ýyldyzlar 20 million rubl möçberdäki esasy baýrak üçin wäşiler toparlarynda bäsleşýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň