Soňky habarlar

Arhiw

23-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary

10:1723.04.2024
0
6994

Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumyny ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, Aşgabatda Ýeňiş güni mynasybetli konsert geçiriler, «Senagat» banky haýyr-sahawat geçirimleri üçin onlaýn hyzmaty işe girizdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyny ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn döredip biläýjek ýagdaýlaryň öňüni almak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Arkadag şäherinde 27-nji aprelde ilkinji gezek ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler.

3. Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky «Senagat töleg» mobil programmasyna raýatlaryň haýyr-sahawatlaryny nagt däl görnüşinde geçirmekleri üçin täze onlaýn hyzmaty goşdy. Türkmenistanyň raýatlary täze hyzmaty peýdalanmak bilen, indi adaty bank kartlaryny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna haýyr-sahawat serişdelerini geçirmek üçin ulanyp bilerler.

4. «Naýbaşy nusgawy eserler» aýdym-saz taslamasy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününe bagyşlanan konserte çagyrýar. Konsert 9-njy maýda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde geçiriler we sagat 19:00-da başlar. Giriş hemmeler üçin mugt!

5. Türkmenistan 2024-nji ýylyň 15 — 19-njy maýynda «Kazan Ekspo» sergi merkezinde geçiriljek «KazanForum 2024» halkara ykdysady forumyna we onuň çäginde guraljak «Russia Halal Expo» atly Russiýanyň iň iri maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň sergisine gatnaşar.

6. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Wenadaky Söwda wekiliýetiniň başlygynyň orunbasary Piter Gindl bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara bähbitli türkmen-awstriýa işewür gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler. Dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ileri tutulýan ugurlary we mümkinçilikleri barada pikir alyşmalar geçirildi.

7. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýurduň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada maglumatlary öz içine alýan halkara resminamalarynyň sanly kitaphanasyny açdy. Saýt türkmen, iňlis we rus dillerinde elýeterlidir. Onlaýn çeşme Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki işleri baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Wirtual kitaphanada Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatlaryna gatnaşygy, parahatçylyk we howpsuzlyk ulgamlaryndaky başlangyçlary barada giňişleýin maglumatlar saklanýar.

Dünýäde

8. Hytaýyň günortasynda bolup geçen tebigy betbagtçylygyň netijesinde 83 müňden gowrak adam halas edildi, takmynan 1,16 million hojalyk elektriksiz galdy, mekdepler ýapyldy. Daglarda süýşgünler bolup geçdi, derýalar hanalaryndan çykdy we tutuş ilatly ýerleri suw basdy. Halas edijiler Guandun welaýatyndaky takmynan 3,6 müň adamyň ýaşaýan we daşky dünýäden izolirlenen Szýanwan obasyna kynlyk bilen baryp ýetdiler.

9. Kölndäki Germananiýanyň awiasiýa we kosmonawtika merkezi (DLR) täze ylmy gözlegiň çäginde iki aý ýatmaga taýyn meýletinçileri gözleýär. Şu güýzde başlajak synaga gatnaşyjylara mikrograwitasiýa şertlerini gaýtalap, düşekde kellesini 6 gradus galdyryp 60 gün ýatmak teklip ediler. Gözlege gatnaşmaga 24 – 55 ýaş aralygyndaky, boýy 153-den 190 santimetre çenli we bedeniniň agramynyň indeksi 18-den 30-a çenli bolan adamlar çagyrylýar. Şeýle hem sagdyn bolmak, çilim çekmezlik we nemes dilini gowy bilmek talap edilýär.

Sport habarlary

10. Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Belarusyň nemes-faşist basybalyjylaryndan azat edilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp Minskde geçirilen halkara ýaryşynda ilkinji ýeňşini gazandy. Ýakup Öwezowyň şägirtleri Minsk şäheriniň «Ohrana-Dinamo» toparyny 7:1 hasabynda ýeňdiler.

11. Futbol boýunça Italiýanyň çempionatynyň 33-nji tapgyrynda «Inter» esasy garşydaşy bolan «Milany» 2:1 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňiş topara şu möwsümde möhletinden öň çempion bolmaga mümkinçilik berdi. Bu ýeňişden soň «Inter» 86 utuk toplady we möwsümiň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda yzyndaky toparlaryň ýetip bilmejek derejesinde öňe saýlandy, şeýlelikde, «Inter» taryhyndaky 20-nji çempionlygyny gazandy. Milanlylaryň baş tälimçisi Simone Indzagi toparyň tälimçisi hökmünde ilkinji gezek Italiýanyň çempiony boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň