8-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary

11:1208.05.2024
0
11580

Türkmenistanda weteranlary we tylda zähmet çekenleri Ýeňiş güni bilen gutladylar, Aşgabadyň ýaşaýyş toplumynda 10 sany täze dokuz gatly ýaşaýyş jaýy gurlar, Türkmenistanyň we Owganystanyň telekeçileri 10-dan gowrak hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekdiler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň paýtagtynda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny we tylda zähmet çekenleri hormatlamak dabarasy geçirildi. Beýik Watançylyk urşy döwründe Türkmenistan gabalan şäherlerden göçürilenleriň gaçybatalgasyna öwrüldi, bu ýerde hassahanalar döredildi, 33-nji aýratyn minomýot brigadasy we atyjylyk diwiziýasy ýaly türkmen esgerlerinden düzülen bölümler bolsa özleriniň gahrymançylygy bilen şöhrat gazandylar. Söweşlere 300 müňden gowrak türkmenistanly gatnaşdy, olaryň köpüsi ýokary sylaglara, şol sanda Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen ada we Şöhrat ordenine mynasyp boldy. Tylda zähmet çekenler hem fronty ähli zerur zatlar bilen üpjün edip, tanklaryň we uçarlaryň gurluşygy üçin ýedi tonnadan gowrak altyn-kümüş şaý-seplerini bagyş edip, ýeňiş gazanylmagyna möhüm goşant goşdular.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we Aşgabat şäheriniň häkimligine paýtagtyň «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda döwrebap köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berdi. Jemi 10 sany dokuz gatly jaý gurmak meýilleşdirilýär, olaryň 4-si 36 öýli, 4-si 54 öýli we 2-si 72 öýli bolar. Şeýle hem olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bellenildi. Gurluşyk işleri 2024-nji ýylyň maý aýynda başlanar hem-de 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda tamamlanar. Şol döwrüň içinde täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

3. Türkmen işewür wekiliýetiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Owganystanyň hususy kärhanalarynyň arasynda gurluşyk materiallary hem-de azyk önümleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 10 sany Ylalaşyga we Özara düşünişmek hakynda 2 sany Ähtnama gol çekildi. Ylalaşyklara gol çekişmek dabarasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewiň hem-de Owganystanyň söwda-senagat ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Nuriddin Aziziniň gatnaşmagynda geçirildi.

4. Osakada geçiriljek «Expo 2025» Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk topary Türkmenistanyň milli pawilýonynyň deslapky dizaýnyny görkezdi, onuň üstünde «Belli» hojalyk jemgyýeti işleýär. Paýlaşylan suratlara laýyklykda, pawilýon eko-stilde milli nagyşlar, yşykly pannolar we Beýik Ýüpek ýoluna salgylanýan suratlar bilen bezeler. Pawilýonyň mowzugy «Has gowy geljege ylham berip».

5. Türkmen zergäri Göwher Nuryýewa we dizaýner Jennet Garlyýewa Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilýän ikinji Halkara altyn bilen keşdelemek we zergärçilik festiwalynda öz işlerini görkezdiler. Festiwalyň çäklerinde dürli sergiler, aýdym-sazly sahna çykyşlary, şeýle hem «Adaty altyn bilen keşdelemek we zergärçilik sungatlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly ylmy-amaly maslahat meýilleşdirilýär.

Dünýäde

6. 2024-nji ýylyň mart aýynda Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutany wezipesine saýlanan Prezident Wladimir Putin Kremlde wezipä girişmek dabarasyny geçirdi. Çärä hökümetiň ýerine ýetiriji, kanun çykaryjy we kazyýet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçilik işgärleri we din wekilleri gatnaşdylar. Russiýanyň halkyna wepalylyk kasamyny kabul edeninden soň, Konstitusiýa kazyýetiniň başlygy Waleriý Zorkin Putiniň Prezident wezipesine girişendigini yglan etdi.

7. Germaniýada döneriň bahasy ýokarlandy, bu bolsa ilatyň arasynda nägilelik döretdi we döwletiň gatyşmagy talap edildi. Bu tagamyň bahasynyň käbir ýagdaýlarda 10 ýewro çenli birdenkä ýokarlanmagy adaty ýaşaýjylaryň arasynda hem, syýasatçylaryň arasynda hem nägilelik döretdi. GFR-iň Kansleri Olaf Şols köpçüligiň öňünde eden çykyşlarynda döner baradaky soraglara birnäçe gezek gabat geldi. Muňa jogap edip, hökümet sosial ulgamlarda bahalaryň ýokarlanmagyny aýlyk haklarynyň we energiýa çykdajylarynyň artmagy bilen baglanyşdyrýan düşündiriş çap etdi. Sosial ulgamlarda döneriň bahasynyň ýokarlanmagy «Dönerflýasiýa» diýen gülküli ada eýe boldy.

Sport habarlary

8. BMG-niň Baş Assambleýasy 25-nji maýy Bütindünýä futbol güni diýip yglan etdi. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi 1924-nji ýylda Parižde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilen ilkinji halkara futbol ýaryşynyň 100 ýyllygy bilen baglanyşyklydyr. BMG-niň Kararnamasy agza döwletleri ähli derejelerde sporty we bedenterbiýe işjeňligini, şol sanda futboly ösdürmek üçin milli strategiýalary we maksatnamalary işläp düzmäge çagyrýar.

9. «Borussiýa» Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda «Pari Sen-Žermeni» 1-0 hasabynda ýeňip, ýaryşyň finalyna çykdy. Ýeke-täk pökgini 50-nji minutda goragçy Mats Hummels derwezä girizdi. Dortmundda geçirilen ilkinji oýunda hem «Borussiýa» «PSŽ-ni» iň az hasap bilen ýeňipdi. Aýgytly oýunda dortmundlylar Mýunheniň «Bawariýasy» bilen Madridiň «Realynyň» arasyndaky gapma-garşylygyň ýeňijisi bilen oýnar. Bu toparlaryň arasyndaky ilkinji ýarym final 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Jogap duşuşygy 8-nji maýda Madridde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň