Soňky habarlar

Arhiw

Eýran Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini ýönekeýleşdirýär

11:1502.05.2024
0
8439

Eýran Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini birtaraplaýyn ýönekeýleşdirýär. Bu barada Eýranyň söwda, senagat, dag-magdan we oba hojalyk edarasynyň başlygy Samad Hassanzade Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Tähranda geçirilen duşuşykda mälim etdi diýip, «Tahran times» habar berýär.

Saman Hassanzade Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdany giňeltmegiň iki ýurduň arasynda ýeňillikli söwda ulgamynyň döredilmegine baglydygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, türkmen-eýran söwda dolanyşygy häzirki wagtda ýyllyk 450 million amrikan dollara deň bolup, geljekde bu görkezijini has artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bardyr.

Mundan başga-da, eýran tarapy, lukmançylyk syýahatçylygy pudagynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny belledi hem-de ýokary tehnologiýalar, magdançylyk we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň