Soňky habarlar

Arhiw

Rus kruiz gämisi 2025-nji ýylda Hazaryň bäş ýurduny birleşdirer

17:1130.04.2024
0
14358

2025-nji ýylda täze «Wladimir Žirinowskiý» gämisi Hazaryň kenarynda ýerleşýän bäş döwleti – Türkmenistany, Russiýany, Azerbaýjany, Eýrany we Gazagystany birleşdirýän ugur boýunça syýahata başlar. Bu barada «TASS» Russiýa Federasiýasynyň Dumasynyň Syýahatçylyk komitetiniň agzasy Alekseý Woloskowyň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Astrahanyň «Lotos» gämi zawodynda gurulýan dört palubaly gämi 2024-nji ýylda ulanylmaga berler. 2025-nji ýylda bu gäminiň Wolga derýasyna hem-de Hazar deňziniň kenarýakalaryna, Hazarýaka döwletleriň bäşisini hem öz içine alýan ugur boýunça aýlaw görnüşli syýahatçylyk saparlaryny guramakda ulanylyp başlamagyna garaşylýar.

Gämi giň amatlyklary bolan ýüzýän myhmanhana hökmünde niýetlenilip: balkonlary, basseýnleri, syn ediş zalyny we güneşlenýän otaglary öz içine alýar. Gämi 310 syýahatçyny we 90 adamdan ybarat ekipažy sygdyrmaga ukyply.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň