Soňky habarlar

Arhiw

3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

11:3103.04.2024
0
10764

Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy, Aşgabatda söwda toplumynyň sergisi açyldy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaby Sindzo Abeniň maşgalasyna gowşuryldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy. Dabaraly açylyş sungat ussatlarynyň konserti şu gün Duşenbäniň Döwlet opera we balet akademiki teatrynda bolar. Türkmenistanyň Medeniýet günleri 5-nji aprelde tamamlanar.

2. Türkmenistanda söwda toplumynyň sergisi açyldy. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow ähli sergä gatnaşyjylara we söwda toplumynyň işgärlerine Gutlag iberdi. – Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, esasan-da, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak häzirki döwürde söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir diýip, döwlet Baştutany belledi.

3. Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abeniň dul galan maşgalasy Akie Abe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamy» atly kitabynyň ýapon diline terjime edilen nusgasy sowgat berildi. Hanym Akie Abe Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sindzo Abe baradaky ýakymly ýatlamalaryny beýan edýän bu edebi-filosofik eser üçin hoşallyk bildirdi. Kitabyň gowşurylyş dabarasy Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynda geçirildi. Bu eseriň ýapon dilinde neşir edilmeginiň özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan netijeli döwletara dialogynyň nyşanydygy bellenildi.

4. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň ýarymfinal tapgyrynyň we final oýnunyň geçiriljek senelerini yglan etdi. Iki sany ýarymfinal oýunlary 17-nji we 19-njy aprel günleri, final oýny bolsa 8-nji maýda geçiriler.

5. Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti Reýnhold Lopatka bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň esasy ugurlary hakynda durup geçdiler.

Dünýäde

6. Hytaýyň Guandun welaýatynda 100 sany haski tohumly it haýwanat kafesinden gaçyp, söwda merkezinde tolgunyşyk döretdiler. Kafeniň gapysy ünssüzlik sebäpli açyk goýuldy we bilesigeliji itler ikirjiňlenmän erkinlige çykdylar. Olar söwda merkeziniň ähli gatlarynda gygyryp, üýrüp başagaýlyk döretdiler. Kafeniň işgärleri çalt herekete geçdiler we gaçgaklaryň hemmesini aňsatlyk bilen tutdular. Gowy tarapy, hiç kim ejir çekmedi.

7. Üç ýyl ozal Halkara kosmos stansiýasyndan zyňylan zibiliň bölegi Floridadaky bir jaýyň üçegine gaçdy. NASA-nyň hünärmenleri ýerli wagt bilen 14:29-da Halkara kosmos stansiýasynyň zibili hasaplanýan jisimiň atmosfera girendigini habar berdiler. Bäş minutdan soň ABŞ-nyň günortasynda ýaşaýan Alehandro Otero gaty ses eşitdi we bir bölek jisimiň öýüniň üçegini deşendigini gördi. Bu ýerde oturdylan wideogözegçilik kameralary onuň ýere gaçan pursatyny ýazga aldylar. Amerikaly silindr görnüşli jisimiň suratyny sosial ulgamlarda paýlaşdy. Bu adamyň bellemegine görä, jisim diňe bir üçegi we potology deşmek bilen çäklenmän, eýsem, iki gat aşak hem geçipdir. Ýaşaýjylaryň bagtyna, şol wagt öýde hiç kim ýokdy.

Sport habarlary

8. «Arkadag» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 5-nji tapgyrynda «Aşgabatdan» 8:1 hasabynda üstün çykyp, öz taryhynda iň uly hasapdaky ýeňşini gazandy. Ýeňijileriň düzüminde birbada üç futbolçy – Annadurdyýew, Amanow we Akmämmedow iki gol geçirdiler, Ballakow hem-de Tamurkin bolsa bir gezek tapawutlandylar. «Aşgabadyň» ýeke-täk jogap topy Orazowyň adyna ýazyldy. Bu ýeňiş arkaly «Arkadag» topary 12 utuk bilen Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň sanawynyň ýeke-täk liderine öwrüldi. Şu gün 5-nji tapgyryň beýleki oýunlary geçiriler. Olarda «Köpetdag» «Şagadam» bilen, «Energetik» «Merw» bilen, «Ahal» bolsa «Altyn asyr» bilen güýç synanyşar.

9. Garyşyk söweş sungatylary boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow 12-nji aprelde Las-Wegasda geçiriljek «PFL 2» ýaryşynda sloweniýaly Jeýkob Nedo bilen tutluşar. Ýagşymyradow özüniň soňky söweşini 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda «Bellator 300» ýaryşynyň çäklerinde Maseý Rozanski bilen geçirdi. Onda Döwletjan eminleriň biragyzdan gelen netijesine görä, ýeňiş gazanypdy. Häzirki wagtda onuň hasabynda 21 ýeňiş, 7 ýeňiliş we 1 deňlik bar. Jeýkob Nedo bolsa soňky gezek 2023-nji ýylyň dekabrynda «PFL» ýaryşynda Simeone Pauel bilen söweşdi. Bu tutluşyk 2-nji raund dowam edip, Jeýkobyň garşydaşynyň tehniki nokaudy bilen tamamlandy. Sloweniýaly türgeniň hasabynda 8 ýeňiş we 1 ýeňiliş bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň