Türkmenistanyň Bilim ministrligi käbir resminamalaryň hereket edişi boýunça beýannama berdi

17:0226.03.2024
2
61436

Türkmenistanyň Bilim ministrligi «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibine» degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmändigini maglumat hökmünde habar berdi. Resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy karary bilen tassyklanandyr.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylyň 13-nji aprelinde 1212 san bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80-nji buýrugy bilen tassyklanan Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä hem degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmändigi habar berildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bu resminamalaryň asyl nusgalarynyň öz güýjünde hereket edýändigini tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň