Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Telekeçiler mekdebi täze kurslara ýazylyşy yglan edýär

13:5922.12.2023
0
23863

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçiler mekdebi Aşgabatda täze okuw kurslaryna ýazylyşygy yglan etdi. Bu barada TSTB-niň web sahypasynda habar berildi.

Okuw kurslary şu aşakdaky ugurlar boýunça geçiriler:

  • buhgalteriýa we maliýe hasabatlylygynyň esaslary;
  • 1C buhgalteriýa hasaplamasy;
  • işgärleri dolandyrmak we arhiw işi;
  • 1C-niň kömegi bilen işgärleri dolandyrmak;
  • gid-terjimeçi;
  • kompýuter sowatlylygy (3 dereje);
  • topograf;
  • sanly marketing we sanly mahabat;

Okuw ýokary hünärli hünärmenleriň mugallymçylyk etmeginde rus we türkmen dillerinde, irden we agşam geçiriler.

Okuw tamamlanandan soň, talyplar degişli şahadatnama eýe bolarlar.

Sapaklar şu salgyda geçiriler: Aşgabat şäheri, Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý, aşakky gat.

Goşmaça maglumat we hasaba alynmak üçin şu belgilere jaň edip bilersiňiz: (+993 12) 22-88-38; 22-71-37 sagat 9:00-dan 17:00-a çenli (13:00-dan 14:00-a çenli arakesme).

Gerekli resminamalar: arza, pasport hem-de onuň göçürmesi, 3x4 ölçegdäki surat.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň