Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary D.Baýryýew BMG-niň Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşdy. Duşuşyk Döwlet gümrük gullugynyň binasynda geçirildi diýip, gullugyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Duşuşykda taraplar üstaşyr amallary ýeňilleşdirmek, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek babatda dürli taslamalary durmuşa geçirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Igor Runow Türkmenistanda gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de Merkezi Aziýanyň ulag geçelgelerinde TIR amallaryny sanly ulgama geçirmek, şeýle hem sebitiň ulag geçelgelerinde halkara ýol-ulag prosedurasyny sanlylaşdyrmak bilen bagly taslamalara goşulmagyň ähmiýeti bellenildi.
I.Runow öz gezeginde dünýäde we sebitde ýük daşamalaryň ählumumy torunyň işine we üstaşyr amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça maslahat berilýän goşmaça çärelere baha berip, TRASEKA ugry boýunça ulanylýan Ählumumy üstaşyr resminamasy (GTrD) bilen tanyş etdi. Myhman bu ulgamyň giň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdyryp, bu elektron görnüşli resminamanyň iri ýük daşamalary babatda täze kämilleşdirilen sanly ulgamyň çygrynda ulanylýandygyny nygtady.
Duşuşygyň netijesi boýunça hödürlenýän taslamanyň ähli taraplarynyň giňişleýin öwrenilmeginiň zerurlygy bellenildi.

