Türkmenistanly Waleriý Sitnikow САВА-nyň baş kätibi wezipesine saýlanyldy

16:3902.02.2023
0
25188

Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň wise-prezidenti Waleriý Sitnikow öňümizdäki dört ýylda FIBA Asia Merkezi Aziýa boýunça assosiasiýasynyň (САВА) baş kätibi bolup işlär. Bu barada Turkmenportala TBF-niň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Saýlawlar şu gün Gazagystanyň paýtagtynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Basketbol federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda bolup geçdi.

Bu maslahata Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň baş kätibi, FIBA Asianyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Bahar Magtymowa hem gatnaşdy.

Maslahatda sportuň bu görnüşini Merkezi Aziýada mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri barada pikir alşyldy.

САВА 2012-nji ýylyň iýun aýynda FIBA Asia tarapyndan geçirilen Birinji Merkezi Aziýa maslahatynda döredilen guramadyr. Onuň ilkinji baş kätipligine gazagystanly Sergeý Şmakow saýlanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň