Hindistanda ýiti suw ýetmezçiligi döredi

09:0107.05.2024
0
8154
Hindistanda ýiti suw ýetmezçiligi döredi
Surat: regnum.ru

Hindistanyň Günbatar Bengaliýa ştaty ýiti suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldy diýip, «24KZ» habar berýär.

Ştatyň birnäçe şäherlerinde suw guýulary we howdanlar çakdanaşa yssy sebäpli guraýar. Howanyň ýokary temperaturasy geçen aýdan bäri dowam edýär. Termometriň sütünjigi 44 gradusdan ýokary.

Howa maglumaty gullugy Hindistanda bu ýyl yssy howanyň güýçli we dowamly boljakdygyny çaklaýar.

Geçen ýyl ýurtda jokrama yssydan 250 adam heläk boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň