Magtymguly hakyndaky türkmen filmi Gyrgyzystanyň teleýaýlymlarynda görkezilýär

17:3106.05.2024
0
9578

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi dokumental filmleriň tapgyryny surata düşürmek boýunça ençeme işleri amala aşyrdy. Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde bu birleşik tarapyndan Gyrgyzystanda «Magtymguly dünýäniň hakydasynda» atly dokumental film surata düşürildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda gyrgyz dilinde ses berilen bu film Gyrgyz Respublikasynyň «Тв-15», «Регион», «7-канал», «MANAS TV», «УТРК» we «Madaniýat TV» teleýaýlymlarynda görkezilýär.

Beýik türkmen şahyrynyň ömri we döredijiligi baradaky dokumental film gymmatly maglumatlary, taryhy faktlary we gyrgyz ylmy intelligensiýasy bilen geçirilen söhbetdeşlikleri öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň