Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanmagy hem-de «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli köpsanly gutlag hatlary gelip gowuşýar.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hatlarynda bu sylagyň Arkadagly Gahryman Serdaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmekde, onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, ýurduň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmekde jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlarynyň aýdyň subutnamasydygyny, döwlet Baştutanynyň şanly baýramyň öňüsyrasynda çapdan çykan täze kitabynyň bolsa ähli türkmen halkyna ajaýyp sowgatdygyny bellediler.
Türkmenistanyň Prezidentine buýsandyryjy wakalar mynasybetli Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler. Ýurduň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gutladylar. Mundan başga-da, döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.
