Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygyny çuňňur hormatlaýar we berk goldaýar. Şeýle-de sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we ykdysady ösüşi berkitmek ugrunda bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardygyny mälim edýär. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Ruduň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen interwýusynda bellenilýär.
«Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň we amerikan halkynyň adyndan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna iň mähirli gutlaglarymyzy ýetirýärin» diýip, diplomat belleýär.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistan BMG-niň Kararnamasy bilen resmi taýdan ykrar edilen ýeke-täk bitarap döwlet bolmak bilen, bitaraplygyň dialoga, ynanyşmagy pugtalandyrmaga hem-de parahatçylygy öňe sürmäge nähili ýardam edip bilýändiginiň dünýä derejesinde nusgasydyr. Ruduň belleýşi ýaly, Aşgabat Bitaraplyga ygrarlylygyny diňe dünýä arenasyndaky gyşarnyksyz garaýyşlary bilen däl, eýsem, ynsanperwer başlangyçlary goldamak boýunça anyk işleri bilen hem tassyklaýar.
Ilçi şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň 52 ýurduň, şol sanda ABŞ-nyň hem raýatlaryny ýaragly çaknyşyk ýüze çykan sebitden çykarmakda kömek edendigini ýatlatdy. Noýabr aýynda bolsa, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýertitremede ejir çeken Owganystanyň ýaşaýjylaryna ynsanperwer kömegini ugratdy.
«ABŞ bilen Türkmenistan ykdysady we medeni gatnaşyklary giňeltmek arkaly gülläp ösüşe, parahatçylyga we ösüşe ýardam bermäge berk ygrarlydyr», diýip, Rud belledi. Ol «C5+1» hem-de «B5+1» ýaly platformalaryň Merkezi Aziýada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we sebitleýin durnuklylygy berkitmekdäki ähmiýetini aýratyn nygtady.
Diplomat ABŞ — Türkmenistan gatnaşyklarynyň geljegine ynam bilen garaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkyny şanly baýramçylyk mynasybetli gutlady.
