Daşoguz welaýatynyň «Hojalyk hasaplaşygyndaky ýer-suw gurluşyk kärhanasy» welaýatyň ýerleriň melioratiw ýagdaýyny we oba hojalyk ýerleriniň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
«Caterpillar» we «Komatsu» kompaniýalarynyň döwrebap, ýokary öndürijilikli ekskawatorlary hem-de buldozerleri ýaly ýöriteleşdirilen enjamlarynyň kömegi bilen tejribeli işgärler häzirki wagtda sebitde täze kollektor we drenaž ulgamlaryny gurmak hem-de bar bolan kollektordyr drenaž ulgamlarynyň durkuny täzelemek bilen meşgullanýar.
Soňky alty ýylyň dowamynda kärhana tarapyndan 88 kilometrden gowrak täze kollektorlar çekildi we köp sanly suw we gidrotehniki desgalaryň geçirijilik ukybyny üpjün etmek boýunça işler geçirildi. Diňe şu ýyl olar eýýäm 166 kilometrden gowrak kollektor we drenaž ulgamlarynda, şeýle hem 360 kilometr dürli suw ýollarynda çökündileri aýyrmak işlerini geçirdiler.
