Alžiriň günortasyndaky Beşar bilen Tinduf şäherlerini birleşdirýän milli gara ýolda ýolagçy awtobusy dolandyryşy ýitirip, agdy. On dört adam gurban boldy, 34 adam şikes aldy diýip, Raýat goragy boýunça milli gulluga salgylanýan «rg.ru» habar berdi. Ýerli habar beriş serişdelerinde çap edilen fotosuratlarda awtobusyň agyp ýatandygy görünýär.
Alžiriň Prezidenti Abdelmejit Tebbun ulag heläkçiliginde pida bolanlaryň ýakynlaryna gynanç bildirdi.
Öň awgustda hem Alžiriň paýtagtynyň golaýynda awtobus derýa gaçyp, 18 adamyň ömür tanapy üzülipdi.
