Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu gün Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakyndaky resminamalara gol çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň uly topary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanyldy.
Resminamalar dolulygyna metbugatda çap ediler diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
