Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyny ýazyp gutarandygyny habar berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem Türkmenistanda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenilýär.
Bu kitap türkmen halkyna hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli sowgat bolar.
