Şu ýyl Daşoguz welaýatynda Ýer-suw gurluşyk hojalyk hasaplaşykdaky önümçilik kärhanasy tarapyndan 166 kilometrden gowrak kollektor-zeýkeş ulgamlarynyň, şeýle hem 360 kilometre golaý dürli suw akabalarynyň çägeli läbikden arassalandy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, kärhana welaýatda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny we ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleri geçirmek üçin ýöriteleşdirilen tehnikalaryň ýeterlik mukdaryna eýedir.
Häzirki wagtda kärhananyň işgärleri sebitde täze kollektor-zeýkeş ulgamlaryny çekmek hem-de hereket edýän ulgamlary täzeden dikeltmek işleri bilen meşgullanýarlar.
Suwdan peýdalanmagyň we oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, toprak we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça işler welaýatynyň ähli etraplarynda, şeýle hem käbir iri suw howdanlarynda alnyp barylýar. Soňky 6 ýylyň dowamynda kärhana tarapyndan 88 kilometreden gowrak täze kollektorlar çekildi, şeýle hem birnäçe suw we gidrotehniki desgalaryň degişli geçirijilik ukybyny üpjün etmek ugrunda işler geçirildi diýip, habarda bellenilýär.
