«Zyýat Hil» konditer dükanlar ulgamy müşderilerine brendiň iň islegli teklipleriniň biri bolup galýan özüniň meşhur tortlarynyň özboluşly hatarynyň bardygyny ýatladýar. Müşderiler bu önümleriň üýtgewsiz ýokary hilini, oýlanyşykly dizaýnyny we üýtgeşik baý tagamyny belläp geçýärler.
Süýjülikleriň görnüşleriniň hatarynda nusgawy tortlar, olaryň baýramçylyk görnüşleri, şeýle hem aýratyn bezegli önümler bar. Desertler diňe özboluşly usullar boýunça taýýarlanýar, her bir önümiň ussat aşpezleriň eli bilen ýasalýandygy bolsa onuň täze we estetiki taýdan täsin bolmagyny kepillendirýär.

Islendik baýram üçin giň saýlaw
Süýjülikleriň hatarynda hem adaty tagamlar — şokoladly, süýtli, hozly, miweli görnüşler, şeýle hem «Zyýat Hil» dükanynyň konditerleriniň özleriniň aýratyn usulynda döredilen häzirki zaman şekillerinde ýerine ýetirilen görnüşleri bar. Tematiki bezegli baýramçylyk tortlary aýratyn meşhur bolup, köplenç maşgala dabaralaryna, çagalaryň doglan günlerine we korporatiw çärelerine sargyt edilýär.
«Biz hemişe her tortuň diňe bir ýönekeý desert däl-de, ruhuň bir bölegi bolmagyna çalyşýarys» — diýip, «Zyýat Hil» konditerleriniň biri gürrüň berýär. «Biziň işimizde jikme-jikliklere möhüm ähmiýet berilýär: kremiň dogry teksturasy, önümleriň terligi, tagamyň sazlaşygy we bezegiň arassalygy. Adamlar tortuň ýürekden ýasalandygyny duýýarlar, hut şonuň üçin hem biziň önümlerimiz elmydama islegli bolýar».
Müşderiler üçin amatly bolar ýaly sargytlar her gün irden sagat 8:00-dan agşam 22:45-e çenli, arakesmesiz kabul edilýär.
«Zyýat Hil» dükanynyň tortlary — şatlyk we ylham berýän tagamdyr.
Sargydyň mukdary 150 manatdan ýokary bolsa, Aşgabat we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

Zyýat Hil dükanlarynyň salgylary:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, telefonlary (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.
Täzelikler we ylham berýän süýji teklipler bilen «Zyýat Hil» dükanynyň resmi sosial ulgamdaky sahypasynda yzygiderli tanşyp bilersiňiz.
