Dünýäde dollar milliarderleriniň sany 2025-nji ýylyň aprelindäki ýagdaýa görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 287 adam köpeldi. Muňa Şweýsariýanyň UBS bankynyň seljermeleriniň jemlerine salgylanýan «Interfaks» habar berdi.
Bilermenleriň maglumatlaryna laýyklykda, bu 2021-nji ýyly hasaba almanyňda, tutuş döwürde iň ýokary görkezijidir. 2021-nji ýylda bolsa dünýäde täze 416 sany milliarder peýda bolupdy.
Häzirki wagtda Ýer ýüzünde 2,919 sany milliarder bolup, olaryň 2545 sanysy erkekler we 374-si zenanlardyr. Olaryň jemi emlägi bir ýylda 13 göterim, ýagny 15,8 trillion dollara çenli artdy. UBS bankynyň maglumatlaryna görä, dollar milliarderleriniň köpüsi ABŞ-da ýaşaýar (924 sany). Ikinji orunda Aziýa-Ýuwaş umman sebiti, üçünji orunda Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýerleşdi.
