Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň W.L.Komarow adyndaky Botanika institutynyň «Ýokary ösümlikleriň sistematikasynyň habarlary» atly ylmy ýyllyk neşirinde Kiçi Balkan gerşi bilen Garagumy aýyrýan dag etegi düzlüginde aşaky alamatlar boýunça ýakyn görnüşlerden tapawutlanýan astragalyň täze görnüşiniň tapylandygy barada habar çap edildi.
Bu kiçijik ösümlik ylym üçin täze, Kiçi Balkanyň dag eteklerine we Günbatar Köpetdagyň demirgazyk eteklerine endemik (bir ýere mahsus) görnüş bolup, häzirki wagta çenli başga ýerlerden mälim däldir. Uly neşirde şeýle bir makalanyň çap edilmegi, görnüşiň we onuň adynyň dünýä ylmy üçin resmi taýdan tassyklanmagy we ykrar edilmegi bolup durýar diýlip, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Bu ösümlik Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aýratyn howply ýokançlyklaryň öňüni alyş merkeziniň Gyzylarbat bölüminiň işgäri, biologik ylymlaryň kandidaty, botanik-sistematik Aleksandr Pawlenko, şeýle hem Astrahan döwlet uniwersitetiniň professory A.P.Laktionow tarapyndan beýan edildi.
Awtorlar endemik ösümligiň adyny Türkmenistanyň çäklerindäki çölleri öwrenmäge ömrüni bagyş eden biologik ylymlaryň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, geobotanik Ynkylap Gowşowiç Rustamowa (1929 — 2013) bagyşladylar. Ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň dekany bolup, geljeki alymlaryň birnäçe nesliniň ylmy ýolbaşçysy hökmünde, ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri ýerli geobotanikleri we sistematikleri taýýarlamak bilen meşgul boldy.
Ösümlik ilkinji gezek on ýyl mundan ozal, tötänden tapyldy. Şondan soňky köp ýyllyk gözegçilikler we geň otjumak köpýyllyk ösümlik boýunça edebi çeşmeleriň gaýtadan işlenilmegi, ylymda entek näbelli täze bir zat bilen iş salşylýandygy baradaky pikiri döretdi. Onuň ýagty-sireň, käwagt gülgüne gülleri, ýere ýaýran inçe, galyň tüýjümekligi sebäpli kümüşsow sütünleri we ýapraklary göze ilýärdi. Birnäçe ýylyň dowamynda doly gerbariý materialy ýygnanyldy we floristik täzeligi beýan edýän makalany neşir etmäge mümkinçilik döredi.
Täze görnüşiň ýaýrawyna degişli gaty köp edebiýatyň gaýtadan işlenilmegi bilen birlikde, köp wagtyň dowamynda şol ýerlerden ýygnanan köp sanly gerbariý nusgalary öwrenildi.
