Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynda 2025-nji ýylyň on aýynda 900 inedördül metrden gowrak haly dokalyp, meýilnamada göz öňünde tutulan tabşyryk artygy bilen berjaý edildi. Dokalan haly önümleriniň möçberi 3 million 200 müň manatlyga barabar iş edilendigini aňladýar. Şu ýylyň noýabr aýynyň hem oňat netijeler bilen jemlenilendigini maglumatlar aýdyň görkezýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, çeper halyçylyk kärhanasynyň garamagyndaky Boldumsaz, Gubadag, Garaşsyzlyk etraplarynyň önümhanalary uzak ýyllar bäri netijeli işläp gelýän bölümler hasaplanýar.
Kärhananyň Gubadag etrabyndaky haly önümhanasynda hormatly ada mynasyp bolan, döwlet sylaglary bilen sylaglanan halyçylaryň 15-si zähmet çekýär. Bu ýerde her aýda 130 — 150 inedördül metr haly we haly önümleri dokalýar. Olaryň aglabasy ýörite buýurmalar boýunça täze gurulýan jaýlar, durmuş maksatly binalar üçin dokalýan uly ölçegli halylardyr. Kärhananyň ussat halyçylarynyň «Togrul göl», «Akmaýanyň ýoly», «Çapman göl» salnan halylary hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.
