2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «UI GreenMetric» dünýä uniwersitetleriniň reýtinginiň altyn derejesine girdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi 10 000 mümkin baldan 7675 rekord bal toplap, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň arasynda abraýly reýting sanawynda 306-njy orny eýeledi.
Şeýlelikde, Oguz han adyndaky uniwersitet bu ýyl «UI GreenMetric» dünýä reýtinginiň hataryna giren Türkmenistanyň 12 ýokary okuw mekdebiniň arasynda öňdebaryjy boldy.
Reýting agentliginiň halkara bilermenleri ýokary okuw mekdeplerini alty sany esasy ölçeg boýunça bahalandyrýarlar we olara bal berýärler:
* Infrastruktura we binalar;
* Energiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreş;
* Galyndylary dolandyrmak;
* Suw serişdelerini dolandyrmak;
* Ekologiýa taýdan arassa ulag;
* Bilim we ylmy gözlegler.
Reýtingiň alty ugry boýunça-da ýokary netijeleri görkezen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ynamly ýagdaýda «altyn derejeli» uniwersitetleriň hataryna girdi.
Uniwersitet durnukly ösüşi we ekologiýa görkezijileriniň ýokarlanmagyny görkezip, bu reýtinge dördünji ýyl yzygiderli gatnaşýar. Şeýlelikde, uniwersitet 2022-nji ýylda 637-nji, 2023-nji ýylda — 432-nji, 2024-nji ýylda — 328-nji we 2025-nji ýylda — 306-njy orny eýeledi.
Çeşmäniň belleýşi ýaly, 2025-nji ýylda reýtinge dünýäniň 105 ýurdundan jemi 1745 uniwersitet gatnaşdy.
