Amerikanyň «Netflix» striming hyzmat gullugy «Warner Bros. Discovery» kompaniýasyny 83 milliard dollara satyn alýar diýip, «Netflix»-iň metbugat habarnamasyna salgylanýan «ria.ru» habar berdi.
Habarda «Netflix, Inc.» striming gullugynyň «Warner Bros.» kompaniýasyny «HBO Max» we HBO teleýaýlymlaryny hem goşmak bilen, satyn almak barada geleşik baglaşandygyny aýdylýar.
«Uly partlama teoriýasy», «Soprano neberesi», «Tagtlaryň oýunlary», «Oz ýurdunyň jadygöýi» we «DC älemi» ýaly meşhur seriallar indi «Netflix»-iň umumy bukjasyna girer.
