Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onda şu ýylyň on bir aýynda ýurtda alnyp barylan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek hem-de milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça öňde goýulan wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlary aralygynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde kanunlaryň 27-si, Mejlisiň kararlarynyň 20-si, şonuň ýaly-da daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 10-sy kabul edildi.
Döwlet Baştutany ýurduň kanunçylygyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek işlerini dowam etmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda alnyp barylan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilen çäreler, ozal berilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
