Aşgabatdaky «Iş Nokaýy» koworking-merkezinde Halkara meýletinçiler gününe bagyşlanan ýörite festiwal geçirildi. Oňa ýurduň ähli welaýatlaryndan hem-de paýtagtdan dürli jemgyýetçilik birleşiklerine wekilçilik edýän 40 meýletinçi gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar 10 adamdan ybarat dört topara bölündiler. Festiwalyň maksatnamasyna laýyklykda, ýaşlar döredijilik häsiýetli we interaktiw görnüşdäki birnäçe tabşyryklary ýerine ýetirip, öz zehininleri, toparlaýyn hereket etmegiň başarnyklaryny hem-de jemgyýetçilik işlerine bolan işjeň gatnaşyklaryny görkezdiler.
Bäsleşikleriň jemleri boýunça ýeňiji topar kesgitlenildi. Meýletinçilik hereketiniň ösdürilmegine goşan goşandy we işjeňligi üçin ähli gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Festiwal «Biz bitewi» atly ýörite fleşmob bilen tamamlandy. Bu çykyş gatnaşan ýaşlaryň jebisligini, agzybirligini hem-de jemgyýetiň has ýagty geljegini döretmek ugrundaky isleglerini alamatlandyrdy.
