Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň ýakyn günlerde Türkmenistana amala aşyrjak resmi saparynyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejedäki duşuşyklar Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösüşini has-da çaltlandyrar. Bu barada Eýran Yslam Respublikasyndaky Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen interwýusynda belleýär.
«Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Bu başlangyjyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti birnäçe halkara çärelerini geçirmegi meýilleşdirýär. Şolaryň biri-de — 12-nji dekabrda geçiriljek halkara forumdyr. Forum Türkmenistanyň parahatçylyk diplomatiýasyndaky ornuny görkezip, oňyn bitaraplyk syýasatyny has-da dabaralandyrar. Şeýle hem howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk we ynanyşmagy berkitmek boýunça sebitleýin gepleşikler üçin mümkinçilikleri döreder. Eýran Yslam Respublikasy bu foruma iň ýokary derejede gatnaşar. Munuň özi eýran tarapynyň Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna berýän goldawyny tassyklaýar. Şeýle-de ýakyn günlerde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyrjak resmi saparynyň dowamynda geçiriljek iki ýurduň Liderleriniň duşuşyklarynyň Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösüş depginini has-da çaltlandyrjakdygyna ynanýaryn» diýip, diplomat belledi.
Ruzbehani sözüniň dowamynda Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň ýurduň daşary syýasatynyň esasy özeni bolup durýandygyny hem-de eýran tarapynyň bu syýasata serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmekde, energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we sebit durnuklylygyny berkitmekde möhüm şert hökmünde ýokary baha berýändigini belledi. Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ykrar edilen döwürden bäri bu syýasaty hemişe goldap gelýär we Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky dostluga bilelikdäki ösüşiň möhüm binýady hökmünde garaýar.
«Eýranyň nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty sebitiň durnuklylygyna oňyn täsir edýän strategiki ädimdir. Bu syýasata berilýän goldaw iki ýurduň howpsuzlyk we ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň sazlaşyklydygyny görkezýär hem-de durnukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin berk esas döredýär» diýip, ilçi sözüniň üstüni ýetirdi.
