Hytaýlylar «Haýwanpolis-2» filmini görmäge ýanlary itli gelýärler diýip, «Instagram» sosial torundaky «China Insider» akkauntynda habar berilýär diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Hytaýyň kinoteatrlarynda itler we olaryň eýeleri üçin animasion filmiň täze bölüminiň ýörite görkezilişlerini guraýarlar, eýeleri itlerini dyzlarynda oturdyp, filme tomaşa edýärler.
26-njy noýabrda prokata çykandan bäri «Haýwanpolis 2» Hytaýda iň köp kassa ýygymly daşary ýurt animasion filmi boldy, ol alty günde 1,95 milliard ýuan (275,6 mln amerikan dollary) girdeji toplady.
«Walt Disney» studiýasynyň «Haýwanpolis 2» filmi 2016-njy ýylda ekrana çykan birinji bölümdäki wakalary dowam edýär. Haýwanlaryň şäherinde ýaşaýan towşan gyz-poliseý we onuň ülpedi tilki howply süýrenijini yzarlaýarlar. Sebäbi Haýwanlar şäherinde köp wagt bäri süýreniji peýda bolmandy. Şonuň üçin Nik bilen Judi ony gözläp tapmaly hem-de onuň şäherde näme iş gaýyrmakçy bolýandygyny anyklamaly.
