Gazagystanyň demirgazygynda pasterellez ýa-da guş mergisi zerarly ýedi müňden hem köp öý guşy gyryldy. Keseli alnan nusgalyklar tassyklady diýip, «MIR 24» habar berdi.
Demirgazyk-Gazagystanyň Şahowskoýe obasynda iki aý bäri her gün öý guşlary gyrylýar. Ýerli fermerler gazlaryň we ördekleriň guş dümewinden gyrylýandygyny nygtaýarlar, emma paýtagyň laboratoriýasynda başga keseli tassykladylar.
Oblastyň Gyzylžar weterinar stansiýasynyň direktory Ýerbol Bagenow barlamak üçin alnan nusgalyklaryň içgin öwrenilmegi arkaly guşlarda pasterellez ýokanjynyň anyklanandygyny nygtady. Onuň sözlerine görä, bu keselden gyrlan guşlar üçin döwlet tarapyndan öweztölegi göz öňünde tutulmaýar. Iki aýyň dowamynda ýerli fermerler köp millionlyk ýitgi çekdi diýlip, habarda bellenýär.
