Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtegtmeleri girizmek boýunça Kanuna gol çekdi. Bu resminama bellenilen tertipde bellige alynmadyk ýa-da döwlet tehniki gözegçiliginden geçmedik, belgileri doly görünmeýän ýagdaýdaky ulaglary dolandyrmak boýunça jerimeleriň möçberlerini üýtgedýär. Şeýle hem belgisiz hem-de galp döwlet bellikleri bilen ulag sürmek üçin jogapkärçiligi güýçlendirýär. Kanun «Türkmenistan» gazetinde şu gün çap edildi.
Üýgetmeler 2013-nji 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 212-nji maddasyna girizildi. Üýtgetmelere laýyklykda, hasaba alyş belligi boýunça düzgünleri bozmak üçin ulanylýan jerimeleriň möçberleri täzeden kesgitlenilýär.
Döwlet tehniki gözegçiliginden geçmedik, bellenilen tertipde hasaba alynmadyk, döwlet bellikleri nusga boýunça gabat gelmeýän ýa-da ulag belgileri okap bolmaýan derejede görünmeýän ulaglary dolandyrmaklyga indi başlangyç birlik 100 manat möçberinde jerime salynýar. Mundan öň bu bozulma üçin duýduryş bermek ýa-da ýarym başlangyç ölçeg (50 manat) göz öňünde tutulýardy.
Kanun bir ýylyň dowamynda gaýtalanýan hukuk bozulmalary üçin hem täzeden jerime möçberlerini girizýär. Şoňa görä, döwlet tehniki gözegçiliginden geçmedik, bellenilen tertipde hasaba alynmadyk ulaglary dolandyran şahsa bu hukuk bozulmany bir ýylyň içinde täzeden gaýtalan ýagdaýynda iki başlangyç birlik (200 manat) möçberinde jerime berler.
Döwlet belliksiz ulag dolandyrmak düzgünini bozanlar üçin jerime öňki bir başlangyç birlikden iki başlangyç birlige çenli ýokarlandyryldy, ýagny 100 manatdan 200 manada çykaryldy.
Örän güýçlendirilen başga bir kada görä, galp döwlet bellikleri bilen ýa-da bilgeşleýin aýrylan belgiler bilen ulag dolandyranlar üçin jerime möçberi öňki 3 – 5 başlangyç ölçegden (300 – 500 manat) 5 – 8 başlangyç ölçege (500 – 800) çenli artdyryldy. Mundan başga-da munuň üçin sürüjilik hukugyny çäklendirmek möhleti 6 aýdan 1 ýyla çenli uzaldyldy.
Ulagyň belliklerini ýa-da beýleki resminamalaryny ýanynda götermedik sürüjiler üçin jerime 0,1 başlangyç möçberden (10 manat) bir başlangyç möçbere (100 manat) çenli ýokarlandyryldy.
Türkmenistanda başlangyç birlik 100 manat möçberinde kesgitlenen.
