Golaýdaky üç-dört ýylda Gruziýa bikanun migrasiýany doly ýok etmekçi diýip, Hökümetiň mejlisinde ýurduň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Içeri işler ministrliginiň maksatnamasyna salgylanyp, habar berdi. Onuň maglumatlaryna laýyklykda, 2025-nji ýylyň geçen 11 aýynda Gruziýadan 1131 sany bikanun migrant çykaryldy, bu ondan öňdäki ýedi ýyldaky görkezijä barabar diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
«Bu işde täsirlilik çynlakaý ýokarlandy. IIM we Migrasiýa edarasy işjeň işleýär, geljek ýyl üçin hödürlenen maksatnama görä, ýurdumyzdan çykaryljak bikanun migrantlaryň sany 3,5 müňden az bolmaz» diýip, Hökümet başlygy nygtady.
