Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtegtmeleri girizmek boýunça Kanuna gol çekdi. Onda ýol belgileriniň talaplaryny berjaý etmezlik, gadagan ediji ýolyşyklarda geçmek, ulagy ýoluň gyrasynda goýmak we dynç almak düzgünlerini bozmak, şeýle hem ýörite gulluklaryň ulaglary üçin niýetlenilen zolaklar boýunça hereket etmek ýaly düzgün bozulmalaryň jerimeleri täze ölçeglerde kesgitlenildi. Bu resminama «Türkmenistan» gazetinde şu gün çap edildi we güýje girdi.
2013-nji 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 214¹-nji maddasyna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, ýol hereketiniň birnäçe düzgünleriniň bozulmagy üçin jerimeleriň möçberleri täzeden kesgitlenildi.
Ýol belgileriniň talabyny ýerine ýetirmän geçmek, beýleki ulaglardan öňe geçmek düzgünlerini bozmak, pyýada geçelgelerinden ýa-da jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalaryndan dogry geçmezlik, şeýle hem ulagyň yşyklandyryş enjamlaryny dogry ulanmazlyk üçin indi başlangyç birlik (100 manat) möçberinde jezalandyrylýar. Ozal bu düzgün bozulmalar üçin duýduryş ýa-da 0,5 başlangyç birlik (50 manat) möçberinde jerime göz öňünde tutulýardy.
Ýolyşygynyň gadagan ediji yşyklaryna ýa-da ýol hereketini sazlaýjy Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgäriniň görkezmesine garamazdan geçmek üçin jerime iki birlikden (200 manat) üç birlige (300 manat) çenli ýokarlandyryldy.
Ulaglaryň durmak ýa-da säginmek düzgünlerini bozmagy indi öňki bir başlangyç birlik (100 manat) ýerine iki başlangyç birlik (200) möçberinde jerime salynmagyna getirer.
Ulag serişdeleriniň pyýada ýodalarynda sürülmegi we geçelgeleriň petiklenmegi ýaly düzgünler boýunça hem madda giňeldildi. Indi 5-nji madda laýyklykda, diňe ýanýodada durmak däl, eýsem gulluk tabşyryklaryny ýerine ýetirýän tiz kömek, ýangyn howpsuzlygy, beýleki dessin we ýörite gulluklaryň gök-gyzyl reňkli ýylpyldaýan yşyjagy ýakylan ulag serişdeleriniň, şeýle hem döwlet we resmi wekiliýetleriň ulaglarynyň guramaçylyk kerwenleriniň düzüminde hereket edýän ulag serişdeleriniň hereketine päsgel berilmegi ýa-da ulagyň gözegçiliksiz goýlup gidilmegi üçin iki başlangyç birlik (200 manat) möçberinde jerime bellenilýär.
Kanuna täze düzgün hem girizildi. Oňa laýyklykda, gulluk tabşyryklaryny ýerine ýetirýän tiz kömek, ýangyn howpsuzlygy, beýleki dessin we ýörite gulluklaryň ualgalary üçin niýetlenen ýörite zolakda ulag sürmek administratiw jogapkärçilige çekilýär. Bu ýagdaý üçin bäş başlangyç birlik (500) manat möçberinde jerime göz öňünde tutulýar. Diňe çepe öwrülmek ýa-da yza öwrülmek üçin şol zolaga girilip dolandyrylýan ýagdaýlar muňa girmeýär.
Türkmenistanda başlangyç birlik 100 manat möçberinde kesgitlenen.
