Şanhaýyň Szýaotun uniwersitetiniň alymlary howadan içimlik suw alyp başladylar. Bu barada «China Daily» gazetine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Işlenip düzülen tehnologiýa dürli howa şertlerinde, şol sanda pes çyglylykdaky howada garaşylan netijäni berdi.
Tilsimat howany ýygnamaga we suwuk hala getirmäge esaslanandyr. Oýlap tapyşyň ýene bir düzüm bölegi ýylylyk sorujynyň ulanylmagyna esaslanýar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, olaryň nou-hausy Ýer togalagynyň dürli künjeklerinde suw ýetmezçiligini aradan aýyrmaga mümkinçilik berer.
Işläp düzüşiň çäklerinde ýörite beket gurnalyp, ol özbaşdak işlemek üçin Gün energiýasyny peýdalanýar. Beket her gün 50 litr içimlik suw öndürmäge mümkinçilik berýär. Enjam dürli howa üýtgeşmelerine uýgunlaşandyr – ol howanyň çyglylygynyň 35-den 99 göterime çenli derejesinde hem-de 15-40 gradus howa temperaturasy şertlerinde-de netijeli bolup biler diýip, neşir ýazýar.
