Iňlis diliniň Oksford sözlügi «reýjbeýt» (rage bait) sözüni 2025-nji ýylyň sözi hökmünde yglan etdi diýip, «360» neşiri habar berdi.
Rage bait adalgasy jemgyýetçilik ses berlişigiň jemleri boýunça saýlandy hem-de Oksfordyň dilçileri tarapyndan 2025-nji ýylyň bulam-bujarlyk häsiýetini iň takyk şöhlelendirýär diýlip yglan edildi. Neşiriň ýazmagyna görä, bu söz sosial torlarda we web-saýtlarda gyzyklandyrmak hem-de köp tomaşa etdirmek üçin adamlarda ýaramaz duýgulary, gahar-gazaby we zorlugy döretmek üçin niýetlenen kontenti aňladýar.
«Reýjbeýt» (rage bait) sözi Oksford sözlüginiň saýtynda onlaýn-ses berlişikden soňra tamamlanyp barýan ýylyň sözi hökmünde yglan edildi. Sanawa şeýle hem iki sany adalga girdi, olar: internetde maksatlaýyn oňyn keşbi döretmegi aňladýan «aura-farming» (aura farming) we fiziki görnüşiňi we özüňi duýşuňy gowulandyrmak üçin bedeniň bilen synaglary geçirmegi aňladýan «biohak» (biohacking) sözleridir.
