Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U17) Aziýanyň Kubogynyň saýlama ýaryşyndaky çykyşyny F toparçasynda ikinji orunda tamamlady. Ahyrky duşuşykda Mongoliýany 6:2 hasabynda ýeňendigine garamazdan, Taýlandyň Kuweýti 3:0 ýeňmeginiň netijesinde biziň ýygyndymyz ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi.
Taýlandyň Çonburi şäherinde geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň ýygyndysy üçin şowsuz başlady. 16-njy minutda Enerel Gurragça Timur Pastuşenkonyň nädogry geçiren topuny ele salmagy başardy we Munh-Orgil Ýadamsurene pas berdi. Onuň urgusy bolsa derwezäniň direginiň aşagyndan geçip, Mongoliýanyň peýdasyna hasaby açdy.
Türkmenistan 22-nji minutda Temuun Jargalanyň awtogoly bilen hasaby deňledi. 34-nji minutda bolsa Hudaýnazar Meredow garşydaş ýygyndynyň goragçysyny aldady we derwezäniň golaýyndan jaýdar urmak bilen, ýygyndymyzy öňe çykardy.
Ikinji ýarymda Ahmet Allaberdiýewiň şägirtleri artykmaçlygyny berkitdiler. Meredow 47-nji minutda ikinji goluny geçirdi, 49-njy minutda Suleýmannazar Gowşudow tapawutlandy. 75-nji minutda Öwezmyrat Öwezmyradow hasaby artdyrdy, 77-nji minutda Garid Bat-Amgalan awtogol geçirdi. 90-njy minutda Hanbileg Sainbileg penalti urgusyny ýerine ýetirip, oýnuň ahyrky – 6:2 hasabyny kesgitledi.
Saýlama tapgyrynyň ähli duşuşyklary tamamlanandan soň, Taýland 9 utuk bilen F toparçasynda birinji orny eýeledi we 2026-njy ýylyň 7–24-nji maýy aralygynda Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň final tapgyryna çykdy. Kuweýti 3:0 ýeňmek bilen, ýer eýeleri 16:4 tapawut bilen birinji orny eýeledi.
Türkmenistan saýlama tapgyry 9 utuk (tapawut 15:5) bilen ikinji orunda tamamlady. Kuweýt hem 9 utuk toplady, ýöne 11:6 tapawut bilen üçünji orny eýeledi.
