«Arkadag» kluby Özbegistanyň «Andižan» topary bilen AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bäşinji oýnunda deňme-deň oýnady. Andižan şäherindäki «Bobur Arena» stadionynda geçen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.
63-nji minutda meýdança eýeleri Ismail Akinadeniň geçiren goly bilen hasaby açdy. 68-nji minutda bolsa türkmen toparynyň oýunçysy Didar Durdyýew jogap goluny geçirdi.
Myhmanlar doly düzümde çykyş edip bilmediler. Bu oýna şikes alanlygy sebäpli AFK Çagyryş ligasynyň öňki möwsüminiň iň gowy oýunçysy Şanazar Tirkişow, şol bir ýaryşyň iň köp gol geçiren futbolçysy Altymyrat Annadurdyýew hem-de toparyň esasy merkezi goragçysy Abdy Bäşimow gatnaşyp bilmedi.
Ýatladyp geçsek, klublaryň Arkadag şäherinde geçiren ilkinji duşuşygy 0:0 hasabynda golsuz deňme-deň tamamlanypdy.
Bäş oýundan soň «B» toparçasynda Kataryň «Al-Ahli» kluby 7 utuk bilen öňdeligi saklaýar. Ikinji orunda Bahreýniň «Al-Haldia» kluby (6 utuk) barýar, «Andižan» 5 utuk, «Arkadag» bolsa 4 utuk toplady. Play-off tapgyryna toparçanyň ilkinji iki sanysynyň çykmagy göz öňünde tutulýar.
Toparçalaýyn tapgyryň soňky — altynjy oýnunda türkmen topary 24-nji dekabrda «Al-Haldia» kluby bilen öz meýdançasynda duşuşar. Şol gün «Andižan» «Al-Ahli» bilen myhmançylykda oýnar.
