Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul edişligi açdy. Dalaşgärlerden resminamalaryň kabul edilmegi 2025-nji ýylyň 1–15-nji dekabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde amala aşyrylar — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlik
Türkmenistanyň raýatlary Hytaýyň uniwersitetlerinde bakalawr maksatnamasy boýunça okamak bäsleşigine gatnaşmak üçin degişli resminamalaryny tabşyryp bilerler. Talap edilýän şertler: umumy orta bilim, iňlis dilini bilmeli we olar 18–25 ýaş aralygynda bolmaly.
Adaty resminamalar toplumyndan (arza, bilim baradaky şahadatnama, lukmançylyk kepilnamasy, häsiýetnama, suratlar) başga dalaşgärler halkara synaglarynyň (SAT, TOEFL, IELTS ýa-da HSK) şahadatnamalaryny, şeýle hem CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagynyň netijelerini tabşyrmalydyrlar. Mundan başga-da, dalaşgärler ozal Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetinden stipendiýa almandyklary barada ýazmaça beýanat bermelidirler.
Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlik
Wengriýanyň uniwersitetlerine resminamalar 2025–2026-njy okuw ýylynyň mekdep uçurymlaryndan kabul edilýär. Dalaşgärleriň 2026-njy ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşyny doldurmagy zerurdyr.
Kabul edişlik üçin halkara synaglarynyň (SAT, TOEFL ýa-da IELTS) şahadatnamasy talap edilýär. Hytaýda okamak üçin talap edilýän CSCA synagy bu ýerde zerur däldir, ýöne dogluş hakynda şahadatnama we hemişelik ýaşaýan ýeri baradaky güwänama hökman tabşyrylmalydyr.
Umumy şertler
Iki ýurda hem kabul edişlik dalaşgärleriň akademiki synaglarynyň netijelerine görä bäsleşik esasynda geçiriler. Döwlet olimpiadalarynyň ýeňijileri we Türkmenistanyň halkara olimpiadalaryna gatnaşan milli ýygyndy toparynyň agzalary kabul edişlikde artykmaçlyga eýe bolarlar.
Hünär ugurlaryň sanawy, ýerleriň sany we okuwyň şertleri barada giňişleýin maglumat almak üçin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kabul ediş toparyna ýüz tutup bilersiňiz:
Aşgabat şäheri, 1958 (Andalyp) köçesi, 169
Telefonlar: (+993 12) 39 85 62, 39 85 25
Elektron poçtasy: admissioniuhd@gmail.com.
