«David Travel» syýahatçylyk kompaniýasy daşary ýurtlara saparlaryny meýilleşdirýän müşderilere amatly bolmagy üpjün etmek maksady bilen, hyzmatlarynyň sanawyny giňeltdi. Indi syýahatçylar resminamalary taýýarlamakda we wizany almakda giňişleýin goldawdan peýdalanyp bilerler.
«David Travel» şulary hödürleýär:
Wiza almak üçin resminamalary taýýarlamak we resmileşdirmek — kompaniýanyň hünärmenleri zerur kagyzlary ýygnamaga, sowalnamalary dogry doldurmaga we konsullyga tabşyrylmaga resminamalaryň taýýar doly toplumyny taýýarlamaga ýardam edýärler.
Türkiýäniň ýyllyk iş wizasyna degişli maslahatlar — müşderiler talaplar, resminamalara garalmagyň möhletleri we ýurduň iş mümkinçilikleri barada jikme-jik maglumatlary alyp bilerler.
Resminamalaryň daşary ýurt dillerine kämil terjimesi — wizanyň resmileşdirilmegi we beýleki halkara düzgünleri üçin zerur hyzmatlar.
Kompaniýa syýahatçylara amatly bolmagyny göz öňünde tutup, daşary ýurtlarda dynç almagy, işlemegi ýa-da okamagy meýilleşdirýänler üçin ýokary hilli hyzmatlary bermäge çalyşýar.
Maslahatlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip ýa-da e-mail-de habarlaşyp bilersiňiz:
+993 71 78 47 09, +993 71 78 47 15 WhatsApp: +905356011474
E-mail: davidtravel1474@gmail.com
«David Travel» ösüşini dowam etdirip, müşderilere halkara syýahatlaryny has ýeňil we amatly etmäge ýardam edýär.
