Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Futbol federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (FIFA) reýtinginde soňky iki ýylyň dowamynda iň ýokary görkezijisini gazandy. Milli ýygyndy ýakynda täzelenen reýtingde 137-nji basgançaga çykdy. Munuň özi 2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri hasaba alnan iň ýokary derejedir. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
FIFA-nyň reýtingi her aýda bir gezek täzelenýär. Şeýlelikde, soňky täzelenmede Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň golaýda Arkadag şäherinde Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysy bilen geçiren duşuşygy hasaba alyndy. Mälim bolşy ýaly, şol duşuşykda Röwşen Meredowyň şägirtleri 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdylar. Bu ýeňiş türkmen futbolçylaryna 2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama böleginiň «D» toparçasynda birinji orundaky ýerini saklap galmagyna mümkinçilik berdi.
Sanawyň şu gezekki täzelenmesinde türkmen ýygyndysy Filippinleriň we Maltanyň ýygyndylary bilen birlikde iň köp ösüş gazanan ýygyndy boldy. Geçen aýdaky sanawda 142-nji orunda görkezilen Türkmneistanyň ýygyndysy ozalky netijesini bäş basgançak ýokarlandyrdylar.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň sanawda bäş basgançak ýokary galyp, soňky iki ýylyň rekordyny täzelemegine sebäp bolan «Türkmenistan — Hytaý Taýpeýi» duşuşygy, şol bir wagtyň özünde milli ýygyndymyzyň şu ýyldaky jemleýji resmi duşuşygy boldy. Türkmenistanly futbolçylar 2015-nji ýylda tälimçiler Mergen Orazowyň we Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygynda resmi duşuşyklaryň 8-sine çykdylar. Ýygyndy şolaryň dördüsinde ýeňiş gazanyp, birinde deňme-deň oýnady. Şol sanda Türkmenistanyň milli futbolynyň taryhynda ilkinji gezek şu ýyl Tailandyň ýygyndysy ýaly güýçli bäsdeşden üstün çykmagy başardylar. Tailanddyr Hytaý Taýpeýiniň ýygyndylary bilen geçirilen duşuşyklardan başga-da, Şri-Lankanyň ýygyndysy hem bir duşuşykda türkmen futbolçylaryndan asgyn geldi.
