Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy şenbe güni, 22-nji noýabrda Aziýanyň Kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyryndaky çykyşyna başlaýar.
Baş tälimçi Ahmet Allaberdiýewiň şägirtleri ilkinji duşuşygy Kuweýtiň ýygyndysyna garşy geçirerler. Oýun Taýlandyň Çonburi şäherinde bolup, ol Aşgabat wagty bilen sagat 13:30-da başlanar.
Aziýanyň Kubogy U-17-niň saýlama tapgyryna 38 milli ýygyndy gatnaşýar. Olar 7 toparça bölünip, 22–30-njy noýabr aralygynda bir aýlawda duşuşyklary geçirerler.
Ýaryşyň final tapgyry 2026-njy ýylyň 7–24-nji maý aralygynda Saud Arabystanynda geçiriler. Toparçalaryň ýeňijileri finala çykyp, eýýäm gatnaşmaga hukuk gazanan 9 ýygyndy bilen birleşerler: Katar, Özbegistan, Saud Arabystany, Koreýa Respublikasy, Koreýa Halk Demokratik Respublikasy, Ýaponiýa, Täjigistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Indoneziýa.
Şu ýylyň maý aýynda türkmen futbolçylary CAFA U-17 Kubogynyň bürünç medalyna mynasyp bolup, üçünji orun ugrundaky oýunda Gyrgyzystany (0:0, penalti urgular – 7:6) ýeňipdiler.
Türkmenistan ýygyndysynyň duşuşyklarynyň tertibi (Aşgabat wagty bilen):
22 noýabr: Türkmenistan – Kuweýt (13:30)
24 noýabr: Türkmenistan – Maldiwler (13:30)
28 noýabr: Türkmenistan – Taýland (17:30)
30 noýabr: Türkmenistan – Mongoliýa (13:30)
