Öý abzallaryny we elektronika enjamlaryny satýan «Elektronika dünýäsi» dükany möwsümleýin «Ýylyň arzanladyşlary» aksiýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Bu arzanladyş 2025-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryna çenli dowam eder. Bu döwürde alyjylar dürli görnüşli tehnikalary 10%-den 40%-e çenli arzanladyş bilen satyn alyp bilerler.

Dükanda iri öý enjamlary — sowadyjylar, kir ýuwujy maşynlar, gaz we elektrik plitalary, öý üçin kiçi enjamlar — mikrotolkunly peçler, tozan sorujylar, ütükler, aşhana enjamlary, şeýle hem häzirki zaman telewizorlary we öý hem-de edara üçin zerur bolan beýleki peýdaly enjamlar hödürlenýär.

«Elektronika dünýäsi» diňe dünýäde tanalýan we barlanylan brendler bilen hyzmatdaşlyk edýär. Olaryň hatarynda HITACHI, BOSCH, SAMSUNG, TCL, DELONGHI, GORENJE, TEFAL we beýlekiler bar. Dükanda harytlaryň ählisi resmi kepillikli hakyky önümler bolup, satyn alyjylar çalt eltip bermek hyzmatyndan hem peýdalanyp bilerler.

Dükan Aşgabat şäherinde, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 183-nji jaýynda ýerleşýär.
Goşmaça maglumat üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: 14 22 53, 14 22 52, +99364166491 ýa-da sosial ulgamlardan peýdalanyp bilersiňiz.
«Tehnika Dünýasi» ýörite hyzmat ediş merkezi boýunça maglumatlary almak üçin şu belgiler boýunça jaň edip bilersiňiz: 14 22 54, 14 22 55.
