Penşenbe we anna günleri 2025-nji ýylyň möwsüminiň ýarym final tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary geçiriler. Finala çykmak ugrunda «Arkadag», «Ahal», «Aşgabat» we «Şagadam» toparlary bäsleşerler.
Ýurduň häzirki çempiony «Arkadag» penşenbe güni «Aşgabat» kluby bilen myhmançylykda oýnar. Ýarym finala çykmak ugrunda «Arkadag» «Nebitçini» 9:1 (6:0 we 3:1) umumy hasap bilen ýeňdi, «Aşgabat» bolsa «Altyn Asyry» iki gezek ýeňdi – 2:1 we 3:2. Duşuşyk paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda geçiriler, oýnuň başlanýan wagty 14:00-da.
Ikinji ýarym final duşuşygy 21-nji noýabrda «Ahal» bilen «Şagadam» toparlarynyň arasynda geçiriler. Iki topar hem çärýek final tapgyryny üstünlikli geçdiler: «Ahal» «Köpetdagy» 2:2 we 1:0 hasaplary bilen ýeňdi, «Şagadam» bolsa «Merwi» 0:0 we 4:1 hasaplary bilen utdy. Duşuşyk Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» stadionynda 15:30-da başlanýar.
Jogap duşuşyklarynyň seneleri soňra mälim ediler. Iki duşuşygyň netijesinde ýeňijiler 2025-nji ýylyň möwsüminiň Kubogynyň finalçylary bolarlar.
«Aşgabat» – «Arkadag» duşuşygynyň baş eminligine D. Myradow bellenildi, «Şagadam» bilen «Ahalyň» duşuşygyny bolsa B. Atdyýewiň ýolbaşçylygynda eminler topary alyp barar.
