Gyş ýakynlaşýar, Ak Gaýa dükanynyň hünärmenleri şuny nazara alyp, öýüňizde ýa-da iş ýeriňizde ýylylygyň we rahatlygyň bolmagy üçin uly aladalary etdiler. Bu söwda nokadynda öýüňizi ýyly we rahat, önümçilik jaýlaryny bolsa işlemek üçin amatly edýän täze peçleriň modelleri peýda boldy.

Ine, şol peçleriň görnüşleri:
Ýagly peçler – otagda ýumşak we deň derejeli ýylylygy gazanmak üçin;
Içi çägeli we spiral görnüşli peçler – giň jaýlar üçin diýseň amatly;
Electrolux, Tesy we beýleki öňdebaryjy brendleriň elektrik peçleri – döwrebap, ygtybarly we juda amatly.
Siz kiçijik öý, şäher etegindäki jaý ýa-da uly önümçilik binasy üçin ýyladyjy enjam gözleýänsiňiz – Ak Gaýa dükany üçin munuň asla tapawudy ýok, çünki bu ýerde her bir müşderi üçin islendik çözgüt bar. Peçler ýokary netijeliligi, ygtybarlylygy we ulanmakda ýönekeýligi bilen tapawutlanýarlar.

Müşderilerimiz üçin ýene-de bir gowy habar: ähli alyjylara öýde ýakymly ýylylyk döretmek üçin uly çykdajylary çykarmazdan amatly şertlerde 3 ýyllyk karz hödürlenýär.
Gyşyň sowuk hem aňzak howasy haçan geler diýip garaşmaň – Ak Gaýa dükanyna geliň we özüňiz üçin iň amatly peji saýlaň!

Salgysy: Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi (Obýezdnoý ýol) 40, Ak Gaýa binasy;
Telefonlar: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88;
Sosial ulgamdaky sahypasy.
