“Täze aý” türkmen kompaniýasy watandaşlaryna Täze ýyl saçagyny guramak üçin toplumlaýyn çözgüt hödürleýär. Baýramçylyk assortimentinde 100-den gowrak görnüşli halal şöhlatlar, 5 görnüş towuk etiniň önümleri we towuk ýumurtgasy, 20-den gowrak doňdurylan börek-manty we ýarym taýýar önümler, şeýle hem dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan getirilen 60-a golaý täze miwe we gök önümler bar. Ähli önümler halal kadalara doly laýyk gelýär we öý şertlerinde çalt taýýarlamaga uýgunlaşdyrylandyr.
Et delikateslerini dogry kesmek boýunça täze hyzmat
Hil we halal kadalara aýratyn üns berýän kompaniýa et önümlerini kesmek boýunça hünärmenleriň hyzmatyny hem ýola goýdy. Tagamy we ysyny saklaýan ýörite enjamda «Täze aý» kompaniýasynyň hünärmenleri gaýnadylan, kakadylan we ýarym kakadylan şöhlatlary, şeýle hem dürli delikatesleri müşderiniň islegi boýunça islendik ölçegde kesip berýär. Taýýar kesilen önümler baýramçylyk tagamlaryny owadan bezemek üçin niýetlenendir we öý hojalykçylarynyň wagtyny tygşytlaýar.
Doňdurylan towuk etiniň önümleri: bular doňdurylan towuk, towuk bagry, towuk ganaty, towuk daşlagy we towuk ýüregidir, şeýle hem towuk ýumurtgasyny belläp bileris.

Öý aşhanasy üçin giň görnüşli ýarym taýýar önümler
Müşderileriň arasynda meşhurlyk gazanan «Täze aý» kompaniýasynyň doňdurylan ýarym taýýar önümleri ýokary hilli halal etden we howpsuz iýmit goşundylaryndan öndürilýär. Önümçilik tehnologiýasy tagamlaryň däp bolan tagamyny saklamaga mümkinçilik berýär, öýde taýýarlamak bolsa örän ýönekeýdir.
Börek-manty görnüşlerinde dürli huruşlar bar: däp bolan etli, kädili we ysmanakly görnüşleri bilen. Önümler diňe bir huruşlyk düzümi bilen däl-de, eýsem daşky görnüşi we taýýarlama usuly bilen hem tapawutlanýar, bu bolsa baýramçylyk menýusyny dürlüleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Börek-mantydan başga-da kompaniýa beýleki doňdurylan ýarym taýýar önümleri hem hödürleýär: kotlet, teftel, somsa, etli çörek, şeýle hem dürli görnüşli hamyr we un aş önümlerini teklip edýär. Ähli önümler ýarym taýýar doňdurlan bolup – doňy çözülenden soňra bişirilşiniň dürliligine garamazdan çalt bişýändir.

Ýylyň dowamynda ekzotiki we dürli miweler
“Täze aý” kompaniýasynyň ýörite ugry — ter miweler we gök önümler bilen üpjün etmekdir. Kompaniýa önümleriň daşalmagy we saklanylmagy boýunça berk gözegçilik amala aşyrýar. Assortimentde dürli möwsümleýin miweler we gök önümler bilen birlikde dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan getirilen ekzotik miweler hem bar — olaryň hatarynda jemi 60-a golaý görnüş bar.
Miwe-gök önüm dürlüligi baýramçylyk saçagyny baý we reňkli etmek, tagamlary bezemek we Täze ýyl üçin özboluşly desertleri taýýarlamak üçin mümkinçilik döredýär.
Amatlylyk we wagty tygşytlamak
“Täze aý” kompaniýasynyň önümleri baýramçylyga öňünden taýýarlyk görmäge we maşgalany hem-de myhmanlary dürli tagamly naharlar bilen begendirmäge mümkinçilik berýär. (Biziň ýarym taýýar önümlerimiz aşhanada wagty tygşytlaýar, taýýar kesilen kolbasa önümleri we täze miweleriň baý görnüşi bolsa baýramçylyk saçagyny çalt we owadan taýýarlamaga kömek edýär) — diýip, kompaniýanyň wekilleri belleýärler.
“Täze aý” kompaniýasynyň ähli önümleri Türkmenistanyň içerki bazarynda kompaniýanyň bölek satuw ulgamy arkaly satylýar.
Sargyt etmek we maslahatlaşmak üçin aragatnaşyk maglumatlary:
Şöhlat önümleri we ýarym taýýar tagamlar: (800522) 1 82 30, (800522) 1 82 39
Miweler we gök önümler: +993 (522) 5-80-70, +993 (71) 924030
