Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, kosmosda geçiren umumy wagty boýunça dünýä rekordyny eýeleýän «Roskosmos» kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko, maşgalasy garşy çykmasa, kosmos uçuşlaryny dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada TASS habar berýär.
«Durmuşymy kosmosdan aýry göz öňüne getirmok. Meniň uçasym gelýär. Maşgalam dürli sebäplere görä ýa-da käbir fiziki çäklendirmeler sebäpli «dur» diýýänçä uçaryn» diýip Kononenko aýdýar.
Kosmonawtyň pikiriçe, professional işini dowam etdirmek üçin oňa goşmaça itergi gerek däl. «Bu meniň iň halanýan işim. Men durmuşda halaýan we şoňa ýetmäge ymtylan işimi edýärin. Şonuň üçin maňa goşmaça itergi gerek däl» diýip, ol belledi.
Kosmosda jemi bolmak wagty boýunça dünýä rekordyny Oleg Kononenkonyň goýandygy bellärliklidir. Ol kosmosa amala aşyran bäş saparynyň dowamynda orbitada 1 110 gün 14 sagat 58 minut 37 sekunt boldy.
O.Kononenko Türkmenistanyň gündogar sebitinde ýerleşýän Türkmenabat şäherinde doglup, şol ýerde-de önüp-ösdi. Oleg Kononenko 2019-njy ýylda «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen hormatly at dakyldy we «Altyn Aý» — aýratyn tapawutlandyryş medaly bilen sylaglandy.
